6-njy maýda Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk
Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç
geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.
Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz «The Biltmore Mayfair» myhmanhanasyndan çäräniň geçirilýän ýerine — Westminster ybadathanasynyň ýanynda ýerleşýän we diňe bir Londonyň iň iri buthanasy bolman, eýsem, ýurduň döwlet durmuşynyň hem merkezi bolan «Church House» maslahatlar merkezine ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Bellenilen wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we şu gezekki dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar däp boýunça täç geýdirmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan Westminster ybadathanasyna ugradylar.
Dabara tamamlanandan soňra, döwlet
Baştutanymyz Birmingem şäheriniň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden
Watanymyza ugrady.