24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň
Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen
Konlony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň çäklerinde köpugurly türkmen-britan dialogynyň
häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly
Prezidentimiz we Beýik Britaniýanyň doly ygtyýarly wekili umumy bähbitlere,
döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa birnäçe ugurlarda netijeli
hyzmatdaşlyk edýärler. Döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk,
düşünişmek esasynda yzygiderli pugtalandyrylýar, syýasy-diplomatik gatnaşyklar
işjeňleşdirilýär.
Şeýle hem iki döwletiň we halkyň medeniýet, bilim, sungat
we döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegi üçin giň mümkinçilikleriň
bardygy bellenildi. Ilçi Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň
hemmetaraplaýyn ösdürilmegini möhüm ugur edinýän netijeli syýasatyna ýokary
baha berip, Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen
bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Diplomat
üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek üçin yhlasyny gaýgyrmajakdygyna we
ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, ynsanperwer ulgamdaky
döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary
etjekdigine ynandyrdy.