Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn
Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy
arzuwlaryny ýollady.
«Türkmenistan bilen
Bahreýn Patyşalygynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly
gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda
belledi hem-de hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine ynam bildirdi.