Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham
Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Häzirki
wagtda Azerbaýjan Respublikasy sebit we halkara işlerde möhüm orny eýeläp,
ilerlemek we depginli özgermek ýoly bilen ynamly öňe barýar» diýlip, hormatly
Prezidentimiziň gutlag hatynda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda
iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşdirilendigini hem-de täze
mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen
Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklarynyň umumy bähbitlere laýyklykda, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine
ynam bildirdi.
Pursatdan
peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewe
berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de
üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we
gülläp ösüş arzuw etdi.