Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.
Bu resminamanyň esasynda şol günüň özünde milli hem-de daşary ýurt pulunda degişli bank hasaplary açyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däplerine laýyklykda, milli Liderimiz bu gazna özüniň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi.