Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene
Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny
hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp,
döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan
saglygyny, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýa Respublikasynyň ähli halkyna
bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.