27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýanyndaky hünärmen-bilermeni, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we dürli pudaklarda, şol sanda ýangyç-energetika, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda bilelikde toplanan tejribe bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.
Işewür döwlet Baştutanymyza ýerine ýetirilýän işler, şol sanda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Igor Makarow ýolbaşçylyk edýän holdinginiň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine, ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşjakdygyna ynandyrdy.