2-nji iýulda Türkmenistanyň, Owganystanyň we
Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn
duşuşyk geçirildi. «Lapis Lazuli» halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri
möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary
derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy.
Ulag ulgamynda özara arkalaşykly hereket
etmegiň meýilnamalarynyň üstünde hereketleriň bellenen ugurlaryny we anyk
möhletlerini göz öňünde tutup, netijeli işlemegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň
Prezidentleri bilen käbir garaýyşlaryny paýlaşdy we ulag ulgamynda
hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurtlaryň
ulag-kommunikasiýa ulgamynda we hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynda mundan
beýläk-de geljegi uly bolan özara arkalaşykly üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk
etjekdigine ynam bildirdi hem-de geçirilen duşuşykda bellenip geçilen anyk meseleleri çözmekde bilelikdäki
çemeleşmeler emele getirilende biziň ýurtlarymyzyň ykdysady taýdan ösüşini we
olaryň halklarynyň hal ýagdaýynyň ýokarlanmagyny üpjün etmek bilen baglylykda,
özara bähbitleri nazara almagyň möhümdigine ünsi çekdi.