26-njy aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça
halkara göçme forum öz işine başlady.
Energetika ulgamyny mundan beýläk-de
durnukly ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň
ählisi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika
pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge
gönükdirilen bu forum diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň
onlarça ýurdunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly hem görkezilýär. Foruma
ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur
nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly halkara
guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri we bu ugurda
ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar.
Göçme maýa goýum forumynyň çäklerinde geçirilýän iki
günlük halkara maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli
peýdalanmak, energetika bazarlarynyň ösüşi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň
deňiz toplumlaryny özleşdirmäge degişli taslamalara maýa goýumlary çekmek, «Galkynyş»
gaz käninde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda özara hereketleriň täze
gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze
tehnologiýalary we nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi.
Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary,
hünärmenleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.