29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlis başlamazdan öňürti,
hoş habara – gallaçylaryň azyklyk bugdaý taýýarlamak boýunça borçnamalaryny
ýerine ýetirendikleri barada welaýat ýolbaşçylarynyň hasabatlaryna bagyşlanan
dabara geçirildi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onuň başynda milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda
hökümet agzalary bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolup, galla
oragynyň gidişi, agrosenagat toplumynda özgertmeleriň alnyp barlyşy, oba
hojalyk önümlerini öndürijileriň işleri bilen tanşandyklaryny belledi.
Daýhanlara döwletiň goldaw bermegi netijesinde uly üstünlikler gazanylýar.
Şeýle hem,
ýerlerde kuwwatly tehnikalar bar, bol gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek
üçin zerur şertler üpjün edilýär. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, tolkunyp duran
altynsow ak bugdaýly meýdanlary synlanyňda, rysgal-berekediň nyşany bolup,
kalbyňda ýakymly täsirleri galdyrýar. Munuň özi ykbalyny ene topraga baglan
jepakeş daýhanlarymyzyň yhlasynyň miwesidir diýip, döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.