4-nji
iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu
ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi
jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, beýleki käbir
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň
häkimleri hem çagyryldy.