Düýn – 25-nji aprelde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri
tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda
mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat
berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
Mejlisde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň
medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak
boýunça işler durmuşa geçirilýär, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine,
«Bedenterbiýe we sport hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda»,
«Tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar
girizmek bilen baglanyşykly kanun taslamalary taýýarlanylýar.
Mejlisiň dowamynda Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp
barylýan işler barada hasabat berdiler.
Mejlise gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen
bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.