Şu gün — 28-nji
oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we
degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şeýle-de ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri hem-de käbir beýleki meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Şunda Raýat kodeksiniň täze beýany, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini
goramak, gidrometeorologiýa işleri bilen bagly we başga-da birnäçe kanunlara
döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek
taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, deputatlaryň gatnaşan
halkara çäreleri barada hem aýdyldy. Öz gezeginde ýolbaşçylar
gözegçilik edýän pudaklary boýunça taýýarlanan degişli resminamalary hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlediler. Döwlet Baştutanymyz
hödürlenen degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekdi we olar bilen
baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisde
döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy hem-de olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň
ahyrynda Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny Türkmen
alabaýynyň baýramy bilen gutlady.