16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet
durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik
edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan
işler barada, welaýatlaryň häkimleri 2022-2023-nji ýyllaryň güýz-gyş möwsümine
taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň ýolbaşçylaryna ýyladyş gazanlarynyň, energetika, gaz, suw hem-de
jemagat hojalyklarynyň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegini, olaryň gözegçilikde
saklanylmagyny tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm
meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.