Düýn – 16-njy fewralda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan
şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet
durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa
çykyş edip, şu ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda birnäçe
kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen
birlikde, Türkmenistanyň Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine täze kadalary
girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Hereket edýän kanunlaryň birnäçesiniň
kadalary döwrüň talabyna laýyk getirilýär.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler
barada hasabat berdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň
ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň
pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.