Düýn – 12-nji
aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş
toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň,
«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň
taslamalaryny taýýarlamak hem-de «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Tohumçylyk
işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek
boýunça işler alnyp barylýar.
Mejlisiň dowamynda
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda
alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Mejlisde döwlet
durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça
degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.