Düýn – 1-nji martda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli
ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli
hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen,
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda raýat-hukuk
gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli
peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi hakynda kanunlaryny taýýarlamak boýunça
işler alnyp barylýar.
Mejlisiň dowamynda Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan
işler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.