Düýn – 5-nji oktýabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu
ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan
wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, döwletimiziň
durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge,
raýatlarymyzyň hukuklaryny, bähbitlerini goramaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen degişli işler ýerine ýetirildi.
Şu geçen döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, Türkmenistanyň
Kanunlarynyň 42-si we Mejlisiň kararlarynyň 40-sy kabul edildi. Şu ýylyň dokuz
aýynda Mejlisde dünýä döwletleriniň parlament wekilleri, ýurdumyzdaky daşary
ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly duşuşyklaryň
65-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri degişli ministrlikler
tarapyndan halkara guramalar bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini
kämilleşdirmek meseleleri boýunça guralan okuw maslahatlarynyň 74-sine gatnaşdylar.
Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 25-si guraldy.
Bellenilişi ýaly, dokuz aýyň
dowamynda maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde,
jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime
barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi
öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Dokuz aýyň dowamynda bölek-satuw
haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim
köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 111,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8
göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta
kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet
kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 2022-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda
maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa
goýumlaryň möçberi 13,3 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilen gurluşyk we
durkuny täzelemek işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli
başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.