15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2
göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa 10 göterim
ýokarlandyryldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol
sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş
merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň
gurluşyklary dowam etdirilýär. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, ylym we
bilim ulgamlarynda hem özgertmeler amala aşyrylýar. Nebitgaz ýataklary
özleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam
etdirdi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk
ulgamlarynyň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçirijisiniň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny, beýleki halkara taslamalary
amala aşyrmaga-da taýýarlyk görülýändigini nygtady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.