milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.07.2024 189 Habarlar

Düýn – 19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary milli ykdysadyýetimizi innowasion taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak, nebiti gaýtadan işleýän desgalary döwrebaplaşdyrmaga, nebit önümlerini saklamaga we ibermäge niýetlenen ulgamlary kämilleşdirmek, welaýatlarda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak, mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak, «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçirmek, ýurdumyzyň ýygyndy toparyny şu ýylyň 26-njy iýuly – 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.