28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine hem-de käbir
resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik
edýän toplumlarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde alnyp
barylýan işler barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl üçin baş maliýe
resminamasyny işläp taýýarlamak, şol sanda degişli düzümler bilen seljerme
işlerini geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip,
ýekşenbe güni — 30-njy aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň
giňden, dabaraly belleniljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz mejlise
gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli halkyny behişdi bedewlerimiziň şanyna uly
dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden
gutlady hem-de hormatly atşynaslara berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala
abadançylygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere garaldy, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul
edildi.