Düýn – 15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.