6-nji
ýanwarda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe
meseleleri girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler
barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze
beýanynyň, «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda»Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de hereket
edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly
kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz
bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, kabul
edilýän kanunlaryň döwletimiziň ösüş maksatlaryny beýan etmelidigini nygtady.
Mundan başga-da, hökümetiň mejlisiniň dowamynda ýangyç-energetika, oba hojalyk, elektroenergetika, medeniýet, saglygy goraýyş, halkara gatnaşyklary, ulag we kommunikasiýalar, nebitgaz ulgamlarynda gazanylan netijeler hem-de öňde duran wezipeler barada hasabat berildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.