Düýn – 12-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň
taýýarlanan taslamalary hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli parlamentiň işi barada maglumat berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgala, raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kadalaryny
mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hereket edýän
kodekslerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şunuň bilen birlikde,
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly
jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanun taslamalaryny taýýarlamak
boýunça işler alnyp barylýar.
Mejlisiň barşynda bulardan başga-da, ýurdumyzyň daşary syýasatyna, ylym-bilim, medeniýet, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk-senagaty, oba hojalygy, telekeçilik ulgamlaryna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.