4-nji maýda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň
pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň
käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa milli parlament tarapyndan ýurdumyzyň hukuk binýadyny
pugtalandyrmak boýunça dört aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
maglumat berdi.
Hasabat döwründe
maslahatlaryň ikisi geçirilip, olaryň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň
12-si, şol sanda Konstitusion kanunlaryň 3-si we Mejlisiň kararlarynyň 26-sy
kabul edildi. Hukuk namalarynyň hatarynda umumyhalk maslahatynda makullanan «Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň
Halk Maslahaty hakynda» we «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda»
Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary bar.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji
ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam etdirýändigini aýtdy.
Ýurdumyzda şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde saklandy. Watanymyzyň ähli künjeginde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam etdirilýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz importyň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmäge çalyşýarys. Eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etdirýäris, sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.