4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen
täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de käbir
resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Bellenilişi ýaly, meýilnamalarda milli ykdysadyýetimiziň
yzygiderli ösdürilmegini we döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek, pudaklary
özgertmek hem-de olaryň önümçilik kuwwatlyklaryndan doly peýdalanmak, sanly
tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, maýa goýum syýasatynyň işjeňligini
artdyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary
diňläp, milli ykdysadyýetimizi, şol sanda pudaklaryň hereket edýän önümçilik
kuwwatlyklaryny yzygiderli giňeltmegiň hasabyna diwersifikasiýa ýoly bilen
ösdürmegiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.