Düýn – 5-nji iýulda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
garaldy.
Mejlisiň dowamynda Mejlisiň Başlygy
hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary çykyş edip, ýurdumyzyň
kanun çykaryjylyk, ykdysadyýet,
nebit-gaz, oba hojalyk, himiýa senagaty, söwda-ykdysady gatnaşyklary,
medeniýet, ylym-bilim, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda hem-de daşary
syýasatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.