Düýn – 3-nji maýda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň
pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde
Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.
Geçen döwürde Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun
çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan
işler barada hasabat berdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli
başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.