Düýn - 30-nji noýabrda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün
tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, birnäçe
resminamalaryň taslamalary, şeýle hem beýleki meseleler girizildi.
Mejlisiň dowamynda şu
ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisini, Türkiýe Respublikasynyň
eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik
maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly,
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden
Kararnamasy bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary
syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Şanly
waka mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Bu dabara ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan daşary ýurtly türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurlar boýunça ýeňiş gazanan ýaşlary hem çagyrylar. Geçiriljek maslahatda we sergide ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de dabaraly maslahatyň dowamynda ýaşlaryň alyp baran işlerine, gazanan netijelerine mynasyp baha beriljekdigini, olary sylaglamak bilen, geljekki uly üstünliklere ýol açyljakdygyny nygtady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.