milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
16.12.2023 504 Habarlar

Düýn – 15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berildi. Şeýle hem ykdysadyýet,  ýangyç-energetika, oba hojalyk, gurluşyk we senagat, telekeçilik, medeniýet, ylym we bilim, saglygy goraýyş, halkara gatnaşyklary, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda gazanylan netijeler hem-de öňde duran wezipeler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläkde ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary  berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelendigini aýtdy hem-de bu baýramyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň dükanlarynda, bazarlarynda azyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.