23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň
taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik
edýän düzümlerinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler,
döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.