Düýn – 19-njy
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň
taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.
lki bilen, Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda täze
kanunlaryň birnäçesiniň taslamalary taýýarlanylýar, döwrüň talaplaryna
laýyklykda, hereket edýän hukuk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar
girizilýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly
halkara düzümler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda anyk çäreler
görülýär. Mejlisiň deputatlary Halkara Migrasiýa Guramasynyň ýurdumyzda
ýerleşýän wekilhanasy bilen bilelikde guralan adam hukuklaryny üpjün etmek
meseleleri boýunça iş maslahatyna gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda bulardan başga-da, ýurdumyzyň daşary syýasatyna, ykdysadyýetine, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk-senagaty, oba hojalygy, telekeçilik ulgamlaryna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.