Düýn – 6-njy aprelde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň
birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli
parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda
ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Halkara we
parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri 11
duşuşyk geçirildi, şol sanda daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 4-si kabul edildi. Şunuň bilen
birlikde, hukuk namalarynyň birnäçesi kämilleşdirildi. Häzirki wagtda iş
toparlarynda dürli ulgamlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge
gönükdirilen kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.
Mejlisiň dowamynda Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň
ýanwar – mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli
başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.