Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan
ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň
taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm
wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly
desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeler, ýaşaýyş
jaýlary, dynç alyş, saglyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary we beýleki
ençeme desgalar bar. Bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam
edýär, önümçilik pudaklary döwrebaplaşdyrylýar. Ýylyň tamamlanmagyna az wagt galdy. Şoňa görä-de, şu ýyly üstünlikli
jemläp, 2024-nji ýyly gowy netijeler bilen garşylamak üçin, galan wagtyň içinde
zerur bolan işleri geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, 12-nji noýabrda ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden belleniljekdigini aýtdy. Şeýle-de bu baýramda hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, rysgal-bereket, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we Hökümet agzalarynyň el çarpyşmalary astynda ildeşlerimizi Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.