13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri
tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik
edýän toplumlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp
barýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda
Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirilýär. «Arkadag şäheri
hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary
milli kanunçylyga girizmek boýunça kanun taslamasy taýýarlanylýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet
býujetini düzmek hakynda» Kararynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça tabşyrygyny
ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli
resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karara gol çekip, bu
resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýewi, başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä B.Amanowy belläp, ony döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy. Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bu konserniň başlygynyň orunbasary M.Babaýew bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen, A.Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda 2023-nji
ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň
taslamasy hödürlendi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi we bu
resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada görkezmeleri
berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemlerini jemläp, şu gün
birnäçe möhüm meselelere garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň
ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi.