17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik
edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, edara-kärhanalaryň,
önümçilik düzümleriniň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan
işleriň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisde başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we
olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.