Düýn – 17-nji maýda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
möhüm meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan
üpjün etmek boýunça alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, sanitariýa işi, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki
syýasaty, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk
esaslaryny düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna
laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, täze kanunlaryň, şol sanda
Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklamak baradaky kanunyň
taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň
ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz türkmeniň beýik
ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly»
atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat
gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Hormatly
Prezidentimiz kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul
bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda
mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar
hormatly Prezidentimizi hem-de Milli Liderimizi Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, beýik şahyryň ýubileýi mynasybetli
«Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan
saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly işleriniň mundan beýläk-de
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.