Düýn – 17-nji noýabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir
meselelere garaldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine laýyklykda, döwlet
maksatnamalarynda kesgitlenen möhüm wezipeleri nazara almak esasynda amala
aşyrylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Şeýle hem halkara düzümler
we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça
işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrüň talap edýän täze kanunlaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasaty bu kanunlarda öz beýanyny tapmalydyr, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyryp, ösüşlerimize itergi bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bulardan başga-da, hökümetiň mejlisiniň barşynda nebitgaz, oba hojalygy, ulag-logistika, binagärlik hem-de gurluşyk, halkara gatnaşyklary ulgamlarynda we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda alnyp barylýan birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.