Düýn – 28-nji iýunda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
garaldy.
Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň
kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça, milli
ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, ähli pudaklarda oňyn görkezijileri üpjün
etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda, nebitgaz
toplumynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada,
elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça,
daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli
hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik
duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary
geçirmek babatda, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça,
«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge
görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Mejlisiň dowamynda hormatly
Prezidentimiz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak
maksady bilen, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli binalary
we desgalary gurmak hakynda Karara gol çekip, Gahryman Arkadagymyzy we mähriban
halkymyzy, mejlise gatnaşyjylary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.