22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam
arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän
ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işini has-da
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, alnyp barylýan işleriň döwrüň
talaplaryna laýyklykda guralmagynyň, pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belledi hem-de birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
kabul edilen kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz
wagtynda kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmelidiklerini, ýurdumyzda
kabul edilen maksatnamalarda bellenen özgertmeleriň hukuk esasyny döretmegiň,
pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze kanunçylyk
namalaryny kabul etmegiň hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmegiň
Türkmenistanyň Mejlisiniň ilkinji nobatdaky işleriniň biri bolmalydygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipelerden ugur
alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna
laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmelidigini aýtdy.