Düýn – 14-nji
iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet
durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak,
birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary, şol sanda Býujet
kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler amala
aşyrylýar. Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň
7-nji iýulynda saýlawlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Mejlisde başga-da,
birnäçe möhüm meselelere garaldy. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň
agzalary hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Gurban
baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.