3-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu
ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan
işleriň jemi jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, döwlet
durmuşynyň beýleki käbir möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly
ösüşi hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy üpjün edilýär.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu
görkeziji 6,2 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli
ýolbaşçylara dünýädäki ýagdaýlary gözegçilikde saklap, alnyp barylýan işleri
has-da güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, müdirlikleriň önümçilik
meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermek hem-de bu işi berk
gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz
döwletimiziň depginli ösüşini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri saklap galmak bilen
çäklenmän, eýsem, olary artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şoňa görä-de,
ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny,
beýleki kabul edilen maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmegiň üstünde
netijeli işlemek, amala aşyrylýan ähli taslamalaryň, toplumlaýyn özgertmeleriň
yzygiderli durmuşa geçirilişini üns merkezinde saklamak möhümdir.