milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.11.2023 698 Habarlar

Düýn – 24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Şeýle hem 25-nji noýabrda geçiriljek Mejlisiň dördünji maslahatyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz täze kanunlar işlenip taýýarlanylanda döwletimiziň alyp barýan syýasatyna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Habar berlişi ýaly, deputatlar BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren maslahatlaryna gatnaşdylar. Olar Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy wezipelerini we kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hökümetiň mejlisiniň dowamynda ýangyç-energetika, oba hojalyk, elektroenergetika, medeniýet, saglygy goraýyş, halkara gatnaşyklary, ulag we kommunikasiýalar,  nebitgaz ulgamlarynda gazanylan netijeler hem-de öňde duran wezipeler barada hasabat berildi.

Bulardan başga-da, döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.