Düýn – 10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler
girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş
edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça
alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň medeni
mirasy hakynda» hem-de ýurdumyzyň goşulyşan halkara şertnamasyny tassyklamak
bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Sanitariýa kodeksine,
«Bedenterbiýe we sport hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda»,
«Tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna
laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Soňra mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler
barada hasabat berdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.