milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.02.2023 258 Habarlar

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. 

Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň ähmiýetine ünsi çekip, wise-premýerlere olaryň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini döretmek hakynda we Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini döretmek hakynda Kararlaryň taslamalary barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, degişli Kararlara gol çekdi we olary sanly ulgam arkaly iberip, resminamalaryň doly ýerine ýetirilmegine we bilimli, sagdyn ýaş nesli terbiýelemek üçin şertleriň hem-de olaryň innowasion tehnologiýalary, täze bilimleri özleşdirmegi babatda mümkinçilikleriň döredilmegine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu gün möhüm meseleleriň birnäçesine garalandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň kabul edilendigini belledi.