4-nji oktýabrda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň
dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemleri, ýolbaşçylary wezipä bellemek we
wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi, täze ýyla çenli galan
döwürde öňde duran wezipeler kesgitlenildi.
Mejlise welaýatlaryň häkimleri, gazet-žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Şeýle hem mejlise Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň agzalary gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şol toparyň birinji mejlisiniň hem geçiriljekdigini aýtdy.