Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň Täze ýylyň öň ýanyndaky däp bolan giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň redaktorlary we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi.
Hormatly Prezidentimiz gün tertibini yglan edip, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik
edýän düzüminde işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin
rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny», şeýle hem beýleki döwlet we pudak
maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.
“Türkmenistanda 2019
— 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda” kesgitlenen
wezipeleri çözmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň” taslamasyny
gutarnykly işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky mesele
hasabatyň esasyny düzdi.
“Türkmenistanyň
2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda,
býujet serişdeleriniň 76,6 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge
gönükdiriler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredowa söz berildi, ol «Bitarap Türkmenistanyň daşary
syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilişi
barada hasabat berdi.
Türkmenistan bu gün dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik
gatnaşyklary ýola goýdy we alyp barýar. Biziň ýurdumyz halkara guramalaryň
47-siniň agzasydyr. Häzirki wagtda daşary döwletlerde ýurdumyzyň
ilçihanalarynyň, konsullyklarynyň we hemişelik wekilhanalarynyň 38-si hereket
edýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri şol bir wagtda beýleki
onlarça döwletlerde resmi taýdan Türkmenistana wekilçilik edýärler.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda hemişelik esasda
ilçihanalaryň, konsullyklaryň 35-si we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň
15-si işleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary boýunça kabul edilen
«Diplomatik gulluk hakynda», «Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi hakynda»,
«Diplomatik derejeler hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki
kadalaşdyryjy-hukuk namalary ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň we onuň
daşary ýurtlardaky edaralarynyň netijeli işlemegi üçin kuwwatly hukuk binýadyny
döretdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ilçileri wezipä bellemek we
wezipeden boşatmak hakyndaky Permanlara hem-de «Türkmenistanyň diplomatik
gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky» Karara gol çekdi. Hormatly
Prezidentimiz geljek ýyl üçin Döwlet býujetinde Daşary işler ministrliginiň
ähli maliýe we maddy zerurlyklary, diplomatik işgärleriň we olaryň maşgala
agzalary üçin durmuş ýeňillikleriniň göz öňünde tutulandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ç.Nyýazowy
başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž
şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň
Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky
Türkmenistanyň ilçisi, Hemişelik wekili wezipelerinden boşatmak, Ş.Jumaýewi
başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest şäheri)
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Horwatiýa
Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden
boşatmak hem-de ony Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri)
ilçisi wezipesine bellemek, A.Annaýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi
diýen diplomatik derejäni bermek bilen, ony Türkmenistanyň Rumyniýadaky
(Buharest şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek,
M.Aýazowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni
bermek bilen, ony Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky (Ýerewan şäheri)
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek, Ç.Rustemowany
başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin
şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Mongoliýadaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wýetnam Sosialistik
Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň
Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi wezipelerinden boşatmak, P.Durdyýewi başga işe geçmegi sebäpli,
Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bangladeş Halk Respublikasyndaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Şri-Lanka Demokratik
Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de
Türkmenistanyň Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyp, ony Türkmenistanyň Hytaý Halk
Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
wezipesine bellemek, N.Amanmyradowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň
Ukrainadaky (Kiýew şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de
Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi wezipelerinden boşatmak hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary
bilen, Ç.Nyýazow Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili
wezipesinden boşadyldy.
Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa geljek ýylyň şygary
hakyndaky teklip bilen çykyş etdi.
2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”
diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň taryhy ýüpek ýoluny dikeltmekdäki, onuň
häzirki zaman şertlerinde ösüşine goşandyny, şöhratly taryhyny we medeniýetini
mundan beýläk-de öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetli boldy.
Mejlisiň Başlygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, gazanylan üstünlikleri, ählumumy
parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli
goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ýaş nesli
Watanymyza bolan çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek, amala
aşyrylýan taryhy işleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem milli
Liderimiziň taýsyz tagallalaryny doly goldaýan, şol işlere buýsanç bilen goşant
goşýan ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleriniň we ýönekeý raýatlarymyzyň 2019-njy ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň
Watany» diýip atlandyrmak baradaky teklibini hormatly Prezidentimiziň
garamagyna hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň öňe süren teklibini makullady
hem-de geljek ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygarynyň
ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň maksatnamasyny, onuň parahatçylygyň we
ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini alamatlandyrýandygyny belledi.
Şeýle hem bu şygar Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlary,
amala aşyrylýan milli we halkara taslamalar bilen utgaşýar diýip, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz bu teklibi kanunçylyk taýdan
resmileşdirmegiň hem-de onuň ähmiýetini köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň üsti bilen ilatyň ähli gatlaklaryna ýetirmegiň möhümdigini
belläp, bu babatda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de wise-premýer B.Abdyýewa
anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisini ýetip
gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglygyny,
maşgala abadançylygyny, Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.