8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp
barlan işleriň jemi jemlenildi, şonuň ýaly-da, Prezident maksatnamalarynyň we
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki
maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de şu ýylyň
ikinji ýarymy üçin wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisde degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we ýerine ýetirilen işlere anyk baha berildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.