Düýn – 29-nji
dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň
hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz
mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna söz berdi. Ol geljek ýylyň
şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, deputatlaryň we halkymyzyň geljek ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky beýan eden teklibini makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk günlerinde her bir ýolbaşça nobatçylygy ýokary derejede guramak tabşyryldy. Baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçy bellenilmelidir. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara baýramçylyk günleri raýatlarymyz gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçer ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.