Düýn – 11-nji
dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary
ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara
guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap
döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm
meseleler girizildi.
Mejlisiň dowamynda
diplomatik gullugyň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen
bagly meselä hem seredildi.
Döwlet Baştutanymyz
2023-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin daşary syýasatda üstünlikli bolandygyny
kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň dowamynda biziň ýurdumyz
ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara ykdysady
we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýä döwletleri bilen medeniýet, ylym,
bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli işleri
geçirildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakynda», «Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda», «Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararlara gol çekdi.